- pursat
- 1) Wagt, möhlet, çag, mütdet.∙ Aýsoltan jan, seniň bilen oturyşjakdyryn, gürrüň edişjekdirin weli, iş-alada bilen şoňa-da pursat tapmadyk kişi bolup ýörendirin. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Biziň işimizde agyr pursatlar bolýar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)2) Gysga wagt aralygynda bolup geçýän ýagdaý, amatly wagt.∙ Ol pursatdan peýdalanyp, göze dürtme garaňkyda suwdan doly stakany jyňkytdy. («Tokmak» žurnaly)∙ Pursat bir guşdur, elden sypdyrsan, uçar gider, ony gaýdyp tutmak bolmaz. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)3) Maý. Ýagdaý, çem.∙ Pursat tapan mahaly it gaçjak bolup, bar güýji bilen bir tarapa baka özüni oklady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem pursat - pursady.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.